Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» Rumyniýada ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

11:4119.07.2024
0
7676

Şu günler Rumyniýada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýan paýtagtyň «Altyn asyr» futbol topary bu ýerde ýurduň «Konkordiýa» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykda ilki ýer eýeleri 34-nji minutda tapawutlandylar. «Altyn asyr» bolsa bu gola 74-nji minutda Begençmyrat Myradowyň geçiren goly bilen jogap berdi.

Bu duşuşygyň Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň Rumyniýadaky ikinji ýoldaşlyk duşuşygy bolandygyny ýatladýarys. Mundan birnäçe gün ozal geçirilen birinji duşuşykda «Altyn asyr» «Metaglobus» toparyny 1:0 hasabynda ýeňipdi.

«Altyn asyryň» Rumyniýadaky türgenleşikleri şu aýyň ahyryna çenli dowam eder. 16-njy awgustda bolsa topar Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyna girişer. Häzir «Altyn asyryň» ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň