Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ÝUNISEF-iň wekilhanasynyň täze ýolbaşçysy işe başlady

10:2018.07.2024
0
9318
Aşgabatda ÝUNISEF-iň wekilhanasynyň täze ýolbaşçysy işe başlady
Surat: turkmenistan.gov.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ol türkmen döwletiniň Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

ÝUNISEF-iň wekili wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdi we soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň çäklerinde ençeme bilelikdäki möhüm taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Jalpa Ratnany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, ilki bilen, ony BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenmegi bilen gutlady we bu jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we ýokary netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hyzmatdaşlyk 2021 — 2025-nji ýyllarda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Şu ýyl Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen 10 sany ýyllyk iş meýilnamasyna gol çekildi. Şol resminamalar, hususan-da, çagalaryň saglygyny goramak, olaryň iýmitlenmegi, irki ösüşi, durmuş goraglylygy we inklýuziw bilim almagy babatda hyzmatdaşlygy öz içine alýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda çagalary goramagyň hukuk binýadynyň hem yzygiderli kämilleşdirilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň tassyklanylandygy barada aýdyldy.

Söhbetdeşler bilelikdäki işiň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, çagalara immunizasiýa etmek üçin sanjym serişdelerini we enjamlary satyn almakda ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etmegiň möhümdigini aýratyn bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, ÝUNISEF-iň Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Jalpa Ratna berk jan saglyk we işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň