Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine täze ýolbaşçy bellenildi

23:2512.07.2024
0
19087

Arslan Gurbanmämmedowiç Aşyrow, saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Meýlis Baýrammyradowiç Rejepow bellenilip, ol Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidenti şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde degişli Permanlara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň