Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halkara gatnaşyklary institutyna täze rektor bellenildi

23:0012.07.2024
0
21261

Gülşat Ýusupowa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesine bellenilip, ol bu institutyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy. Şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ozal habar berişimiz ýaly, ýokary okuw mekdebiniň ozalky rektory J.Gurbangeldiýew Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň