Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Hilli» dükanlaryna bra çyralarynyň ajaýyp görnüşleri gelip gowuşdy

14:1812.07.2024
0
14046

«Hilli» yşyklandyryş dükanlaryna täze harytlar — bra çyralarynyň köpdürli görnüşleri gelip gowuşdy. Olar bilen bir toplumda gabat gelýän lýustralar hem hödürlenýär. Ajaýyp kristal daşlar bilen bezelen bu önümleriň ýokary hili aýratyn üns çekmäge mynasypdyr.

Täze kolleksiýanyň tapawutly aýratynlygy hem onuň köptaraplylygydyr. Bra çyralarynyň dizaýny häzirki zaman tendensiýalaryna laýyk gelýär we organiki taýdan dürli stilistik ugurlara — nusgawydan döwrebap stile çenli kybap gelýär. Bu bolsa çyralary islendik interýerde we gurşawda diýen ýaly ulanmaga mümkinçilik berýär.

Bra çyralaryny gurnamak hem aňsat bolup, olary emulsiýaly diwara-da, oboýly diwara hem gurnap bolýar. Munuň özi olary ulanmagyň mümkinçiliklerini ep-esli giňeldýär.

Mundan başga-da, täze gelen harytlaryň hatarynda häzirki zaman çyralary bilen enjamlaşdyrylan haý-tek stilindäki bra çyralary bar. Bu modeller minimalistik we tehnologik dizaýny halaýanlar üçin ajaýyp saýlawdyr.

«Hilli» dükanlary şu salgylarda ýerleşýär:

  • «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezi, 0-njy gat, dükan №28;
  • G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), «Hilli hyzmat» binasy;
  • G.Kulyýew köçesi, Bedew ýaşaýyş toplumy, 2-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 53 55 22, 50 85 80, 60 01 98. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň