Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen önümlerini Ýewropa bazarlaryna çykarmagyň mümkinçilikleri öwrenilýär

11:3812.07.2024
0
9403
Türkmen önümlerini Ýewropa bazarlaryna çykarmagyň mümkinçilikleri öwrenilýär
Surat: belgium.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Ykdysady ösüş gaznasynyň we Söwda-senagat edaralary birleşiginiň hem-de Türkiýäniň haryt biržasynyň Brýusseldäki hemişelik wekili Haluk Nuraý bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda Ýewropa bazaryndaky mümkinçiliklerini giňeltmegiň we ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Belgiýadaky diplomatik gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda Türkmenistanyň önümlerini Ýewropa bazarlaryna çykarmagyň mümkinçiliklerine, şunda Türkiýäniň tejribesine üns çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň