Soňky habarlar

Arhiw

Wanganyň 2025-nji ýyl boýunça çaklamasy belli edildi

09:2012.07.2024
0
77720
Wanganyň 2025-nji ýyl boýunça çaklamasy belli edildi
Surat: news.rambler.ru

Bolgariýaly merhum palçy zenan Wanganyň 2025-nji ýylda ahyrzaman başlanjakdygy barada aýdan çaklamasy belli boldy. Öň palçy zenanyň 2023-nji ýylda ahyrzaman başlanjakdygy barada aýdandygy nygtalýardy, emma onuň palynyň içgin öwrenilmegi bu döwrüň 2025-nji ýylda başlanjakdygyny görkezýär diýip, «Rambler.ru» ýazýar. Emma Wanganyň, hakykatdanam, şeýle çaklama aýdandygynyň hakyky subutnamalary ýok diýlip, habarda bellenýär.

Wanganyň sözlerine görä, «geljek ýyl Ýewropadaky gapma-garşylyk yklymyň ilatyny ýok eder». Ol şeýle-de suwuň dünýä derejesiniň ýokary göteriljekdigini öňünden aýdypdy. Palçy zenanyň çaklamalarynda 2076-njy ýylda kommunizmiň bütin dünýäde ýaýrajakdygy, 2130-njy ýylda adamzadyň başga planetalylar bilen aragatnaşygy ýola goýjakdygy aýdylýar diýip, «New York Post» gazeti ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň