Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ýüpek ýoly ― 2024»: türkmen toparlarynyň ikisi ilkinji üçlüge girdi

12:2911.07.2024
0
7014

«Ýüpek ýoly» halkara ralli-reýdiniň altynjy tapgyrynda türkmenistanly Merdan Toýlyýewiň we Maksatmyrat Daňatarowyň toparlary «Nissan Patrol» ulaglarynda ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Olar bu üstünligi T2 derejesi boýunça gazandy.

Tapgyryň agramly bölegi Mongoliýanyň Hawd daglarynyň arasy bilen geçdi. Ýoluň bu bölegi onuň iň çylşyrymly bölümleriniň biridir.

Mongoliýanyň çylşyrymly ýollarynyň ýene-de ep-eslisini sökjek ýaryş 15-nji iýulda tamamlanar. Oňa 5-nji iýul güni Toms ülkesinden badalga berlendigini, umumy ýoluň 5257 kilometre ýetýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň