5-nji iýulda «Ýüpek ýoly» halkara rallisine badalga berildi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, oňa türkmenistanly sürüjiler hem gatnaşýar. 11 günläp dowam etjek ýaryş 15-nji iýulda Mongoliýanyň paýtagty Ulanbator şäherinde tamamlanar.
2022-nji ýylda T2 görnüşi boýunça çempion bolan türkmenistanly doganlar Toýlyýew şu gezekki ýaryşda-da yzda galan üç tapgyrdan soň çempionlyga has ýakyn topardyr.
Ýaryşyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, üç tapgyrdan soň Andreý Suşensowyň ýolbaşçylygyndaky «S&A Racing» topary ýaryşyň başyny çekýär. Ikinji orundaky Mihail Mitýaýew («LADA Sport ROSNEFT Raid») ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýandygyna garamazdan, üçünji orundaky Anton Melknikowyň «Podmoskowýe» toparyndan 24 sekuntlyk tapawut bilen öňde barýar. Olaryň türkmenistanly toparlaryň birbada üçüsi yzarlap gelýär.
Şu ýyl ýaryş Sibiriň we Altaýyň ýollaryndan geçýär. Bu ýerdenem Mongoliýanyň giňişliklerine uzaýan ýaryşyň ýoly 5 müň 256,70 kilometre ýetýär. Şunça ýoluň 2 müň 993,24 kilometrden galan böleginde ulagy ýokary tizlikde sürmek mümkin däl.