Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Braziliýa Amerikanyň kubogy bilen hoşlaşdy

12:3908.07.2024
0
10991

Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy çärýek finalda Urugwaýyň ýygyndysyndan ýeňlip, Amerikanyň kubogy bilen hoşlaşdy. Las Wegas şäherinde geçirilen duşuşygyň esasy wagty 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Penalti urgularynda bolsa Urugwaý 4:2 hasabynda ýeňiş gazandy.

Urugwaýyň ýarymfinaldaky garşydaşy Panamany 5:0 hasabynda ýeňen Kolumbiýa bolar. Ýarymfinal duşuşygy 11-nji iýul gijesinde oýnalar. Ondan bir gün öň bolsa Argentina ― Kanada duşuşygy geçiriler. Amerikanyň kubogynyň final duşuşygy 15-nji iýulda bolar.

Şowsuzlyga garamazdan, Braziliýanyň Futbol konfederasiýasy baş tälimçi Doriwal Junior bilen hoşlaşmagy meýilleşdirenok. Baş tälimçi milli ýygynda Dünýä kubogy ― 2026-a çenli tälim berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň