Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eýranda Prezident saýlawlarynda öňdeligi eýeleýän dalaşgär belli boldy

10:2806.07.2024
0
13490

Eýranyň öňki saglygy goraýyş ministri Masud Pezeşkiýan ýurtda Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda öňdeligi saklaýar. Bu barada Eýranyň Saýlaw toparynyň başlygy Mohsen Eslami habar berdi diýip, «Tasnim» habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Eslaminiň maglumatlaryna laýyklykda, sesleriň 2 547 381-si sanalanda, Pezeşkiýan öz garşydaşy, eýranly konserwatorlaryň wekili Said Jaliliden biraz öňde barýar.

«Masud Pezeşkiýan 1 263 874 , Said Jalili 1 244 640 ses aldy» diýip, Eslami aýtdy.

Ses sanalyşyk dowam edýär, resmi habar gijräk yglan ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň