Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda «ŞHG+» sammitiniň çäginde geçirilen duşuşykda nähili meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

12:4105.07.2024
0
10300

4-nji iýulda Astana şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň giň meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşyk Gurbanguly Berdimuhamedowyň «ŞHG+» sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Gazagystana amala aşyran iş saparynyň çäginde geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýedigini hem-de ýokary derejedäki özara ynanyşmak ýagdaýyndaky dialogyň däp bolan türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýändigini nygtadylar. Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, özara haryt iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýum işini, işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Ulag-aragatnaşyk we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi bilen bagly meselelere hem garaldy. Iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bu ulgamda tagallalary üstünlikli birleşdirmek üçin oňaýly şertleri döredýär. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurulmagy bu babatda giň gerimli hyzmatdaşlygyň aýdyň netijeleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanylmagy, Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, sebitde we tutuş Ýewraziýa giňişliginde ykdysady taýdan goşulyşmaga ýardam eder.

Ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, bilelikdäki çäreleri, hususan-da, döredijilik çärelerini guramak tejribesini dowam etdirmek meselelerine söhbetdeşlikde aýaryn orun berildi. Bellenilişi ýaly, Astanada Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy döwletara gatnaşyklaryň taryhyna aýdyň sahypa bolup ýazyldy. Golaýda Aşgabatda açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda bolsa ajaýyp gazak halk sazandasy we kompozitory Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeli oturdyldy. Şunuň bilen birlikde, türkmen paýtagtynda ajaýyp gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň heýkelini ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bularyň ählisi biziň halklarymyzyň dost-doganlygynyň aýdyň nyşanydyr.

Duşuşykda ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklar hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň köptaraply meýdançalarda hyzmatdaşlyk meselelerine işjeňlik we öňdengörüjilik bilen çemeleşýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar däp bolan dostlukly, netijeli döwletara gatnaşyklaryň taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de umumy abadançylygyň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy hem-de şol ýerden Aşgabada ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň