Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Eýran nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

16:3603.07.2024
0
20242

Türkmenistan sebitiň tebigy gaz bazaryndaky ornuny barha pugtalandyrýar. 1 – 3-nji iýul aralygynda Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda türkmen gazyny Yraga eksport etmek boýunça Şertnama gol çekişildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Gol çekilen şertnama laýyklykda, Türkmenistan her ýyl 10 milliard kub metr tebigy gazy SWAP görnüşinde Eýranyň çägi arkaly Yraga eksport eder. Bu şertnama Türkmenistan bilen Eýranyň gaz pudagyndaky köp ýyllyk hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetine şaýatlyk edýär.

Gazyň iberilişini üpjün etmek üçin, gaz akdyryjy infrastrukturany giňeltmek meýilleşdirilýär. Şu maksat bilen eýran kompaniýalary Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 125 kilometre barabar täze gaz geçirijini we üç sany täze gaz gysyjy bekedi gurarlar.

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistandan Eýrana iberilýän tebigy gazyň mukdaryny ýylda 40 milliard kub metre çenli ýokarlandyrmak barada hem ylalaşdylar. Şonuň üçin Döwletabat — Sarahs — Hangeran gaz geçirijisiniň hem-de Çaloýuk gaz ölçeýji bekediniň kuwwatlylygyny artdyrmak maksat edinilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň