Soňky habarlar

Arhiw

«Amantaý» haryt nyşany: hem ýokary hilli, hem amatly

15:3903.07.2024
0
777

«Amantaý» haryt nyşanly önümleri bilen ýurtda meşhurlyga eýe bolan tikinçilik hem-de mebel önümçilik kärhanasy önümleriniň hataryny yzygiderli giňeltmek bilen, olary müşderilere amatly bahalardan hödürleýär.

Telekeçi Amanbaý Ganjaýewiň ýolbaşçylyk edýän kärhanasy önümçilik işini iki ugur: ýörite iş egin-eşikleriniň tikinçiligi hem-de rattan örme mebelleri taýýarlap bermek boýunça alyp barýar. Bu önümçiliklerde müşderileriň isleginden ugur alnyp, sargytlar ýokary hil ülňülerine laýyklykda ýerine ýetirilýär.

«Amantaý» ýörite iş egin-eşikleriniň kärhanasy 2022-nji ýylda işe başlamak bilen, gysga wagtyň içinde köp sanly kärhanalara özbaşdak sargytlar esasynda ýokary hilli iş egin-eşiklerini tikip bermek hyzmatlaryny ýetirdi. Häzirki wagtda hem bu egin-eşiklere ýurduň dürli sebitlerinde ýerleşýän önümhanalar uly isleg bildirýärler.

Kärhananyň işiniň ikinji ugry bolan rattan mebel önümçiligi açyk howada dynç almak üçin niýetlenen mebelleriň dürli hili görnüşlerini örüp taýýarlamak bilen baglydyr. Bu mebeller tebigy çig maldan el zähmeti bilen taýýar edilýär.

Geçen ýylda ýola goýlan bu önümçilikde 40-dan gowrak görnüşli şu hili mebeller ýasalýar.

Döredilenine heniz uzak wagtyň geçmedigine garamazdan, telekeçi A.Ganjaýewiň kärhanasy eýýäm ýurtda geçirilýän sergileriň birnäçesine gatnaşyp, önümlerini halk köpçüligine giňden tanyş edip gelýär. Bu önümler halkara hil standartlaryna doly kybap gelýär. Şol sebäpden hem, ýakyn geljekde kärhana önümlerini daşary ýurtly isleg bildirýän taraplara uly mukdarda eksport etmegi maksat edinýär.

Habarlaşmak üçin +99371535030, +99363415544, +99365186581.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň