«Bagt täji» hojalyk jemgyýeti gök-bakja hem-de beýleki önümleri sowadyjyda saklap bermek hyzmatyny ýetirmek bilen, önümleriň terligine we täze saklanmagyny üpjün edýär.
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Beruni daýhan birleşiginiň Mehilli obasynyň çäginde ýerleşýän 3000 tonna niýetlenen ammarda sowadyjyda goýmak zerurlygy bolan önümleriň dürli görnüşleri üçin ähli şertler göz öňüne tutulandyr. Bu hyzmatlar aýratyn-da gök-bakja önümleriniň kesgitli uzak möhletde ýerlenilmegi üçin saklanylmagynda, daşalmagynda olaryň ter halda durmagyny kepillendirýär.
«Bagt täji» hojalyk jemgyýeti häzirki zaman talaplaryna doly kybap derejede enjamlaşdyrylan ammarynda önümleriň ygtybarlylygyny doly üpjün edýär. Häzirki wagtda kärhananyň ýetirýän hyzmatyndan peýdalanýan müşderiler önümleriň saklanyş şertlerinden hoşaldyklaryny aýdýarlar. Çünki sowadyjylaryň kadaly zerur howa derejesinde işledilip, önümleriň ter saklanylmagyna tejribeli hünärmenleriň gözegçiligi bilen çemeleşilýändigini bellemek gerek.
Sowadyjy hyzmatyndan welaýatyň daýhan hojalyklarydyr kärhanalary netijeli peýdalanýarlar. Hojalyk jemgyýetiniň önümleri sowadyjy hyzmatynyň tölegi amatly bolup, 1 tonna önüm saklamagyň bahasy 80 manada deňdir.
Habarlaşmak üçin:
• telefon belgileri: +99362806290