Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýly zenan el granatyny 20 ýyl bäri çekiç ornuna ulanyp gelipdir

14:0103.07.2024
0
10697

Eýýäm ýigrimi ýyl bäri 90 ýaşly hytaýly zenan köne el granatyny gündelik hojalykda peýdalanyp gelipdir. Ol howplu ýarag bilen hoz döwüpdir, çüý kakypdyr. Sin atly zenan partlaýjy serişdäni meýdandan tapypdyr, ol şunça wagtlap howply ýarag serişdesini ulanyp geleninden bihabar eken diýip, «Mail.ru» ýazýar.

Golaýda köne öýi ýykýan işçiler topary pensioner enäniň elindäki granaty görüp, onuň howpludygyny düşündiripdirler. Zenanyň elindäki ýarag köp ulanylandygy sebäpli ýalpyldap, depesi bolsa, jaýryk atan duran ekeni.

Işçiler ýagdaý barada ýerli polisiýa bölümine habar beripdirler. Enäniň öýüne dessine ýörite topar gelip, ýaragyň, hakykatdanam, el granatydygyny anyklapdyrlar. Olar Siniň elinden ýaragy alyp, ýok edipdirler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň