Dünýä jahankeşdeligi hünärmenleriň ýiti ýetmezçiliginden ejir çekýär diýip, «24KZ» habar berýär. Işgärleriň ýetmezçiliginden has köp ejir çekýän ýurtlaryň arasynda ABŞ bar, ol ýerde boş iş orunlarynyň sany bir milliondan agdy.
Ýewropa ýurtlarynyň arasynda bu ugurda öňdeligi Fransiýa we Ispaniýa eýeleýär. Ýewropanyň Jahankeşdelik assosiasiýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, häzir pudakda 2,5 million adam ýetmezçilik edýär.
Ýagdaýy bilermenler COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşdyrýarlar, şol ýyllarda işgärleriň köpüsi agyr döwri geçirmek üçin wagtlaýyn iş ýerlerini çalyşmaga mejbur boldular diýlip, habarda bellenýär.

