Aşgabatda iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler

13:0203.07.2024
0
28720

9-njy iýulda Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilaty iş bilen üpjünçiligi müdirligi, şäheriň ähli etraplarynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň şäher komiteti bilen bilelikde guralýan iş ýerleriniň hödürleniş çäresi geçiriler.

Çäre sagat 9:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynda geçiriler.

Guramaçylar iş berijileri, kärhanalary, guramalary, edaralary we hususy telekeçileri boş iş orunlary barada maglumat bilen çärä gatnaşmaga çagyrýar.

Iş gözleýänler raýatlar degişli resminamalar bilen (şahsyýetnamasy, zähmet depderçesi, hünär barada resminamalar) bilen çärä gatnaşyp bilerler.

Goşmaça maglumat almak üçin ýerli iş bilen üpjünçilik bölümlerine ýa-da Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyna aşakda görkezilen belgiler boýunça ýüz tutup bilersiňiz:

  • Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi — Seýitnazar Seýdi köçesi, 3-nji jaý, telefon: 92-14-56.
  • Bagtyýarlyk etraby — Bekrewe köçesi, 25-nji jaý, telefon: 37-46-68.
  • Berkararlyk etraby — Bekrewe köçesi, 25-nji jaý, telefon: 37-46-67.
  • Büzmeýin etrabyý — Oguzhan köçesi, 8-nji jaý, telefon: 35-12-69.
  • Köpetdag etrabyý — Seýitnazar Seýdi köçesi, 3-nji jaý, telefon: 92-15-26.
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy — S.Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý, telefon: 22-74-07.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň