Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Adalatçynyň 2023-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty çap edildi

11:0103.07.2024
0
7946

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2023-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty çap edildi.

Maglumatymyň esasy maksady Türkmenistanda adamyň we raýatyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda, ýurtda adam hukuklarynyň berjaý edilşinde 2023-nji ýylda ýetilen sepgitleriň netijesine syn bermekden we Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň (mundan beýläk — Adalatçy) adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda öz ygtyýarlygynyň çäklerinde alyp baran işleri barada beýan etmekden ybaratdyr.

Maglumat aşakdaky möhüm ugurlary öz içine alýar:

  • Türkmenistanda Adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy;
  • Raýat we syýasy hukuklar;
  • Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar;
  • Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça seljerme;
  • Adalatçynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işleri;
  • Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmegi;
  • Halkara hyzmatdaşlygy;
  • Adalatçynyň ýüz tutmalary we teklipleri;

Resminamada her bölüm boýunça statistik maglumatlar we mukdar görkezijileri hem ýerleşdirilipdir.

Maglumatyň doly görnüşi bilen Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň saýtynda tanşyp bilersiňiz.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda Adalatçynyň wezipesini 2017-nji ýylyň 20-nji martyndan bäri Ýazdursun Gurbannazarowa ýerine ýetirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň