Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kosmonawt Kononenko türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallygyny beýan etdi

18:5005.07.2024
0
6304
Kosmonawt Kononenko türkmen halkynyň  Milli Liderine hoşallygyny beýan etdi
Surat: Türkmenmetbugat

Ozal habar berşimiz ýaly, 21-nji iýunda Russiýanyň hem Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko 60 ýaşady. Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Oleg Dmitriýewiç Kononenko doglan güni mynasybetli iberen gutlaglary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýdyp, hoşallyk sözlerini ýollady. Bu barada Türkmenmetbugat habar berýär.
Şeýle hem O.D.Kononenko Türkmenistanyň at-abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda we kosmos ugrunda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ähli tagallalary etmäge taýýardygyny mälim etdi. Türkmenistanyň hormatly Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadaga berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de döwlet we syýasy işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Gahrymany, tälimçi-kosmonawt-synagçy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko güneşli Türkmenistanda doglup, bu keremli toprakda önüp-ösenine buýsanýandygyny, ata Watanda geçen her bir gününiň diňe ýakymly ýatlamalara we täsirli duýgulara beslenendigini belleýär. Şeýle-de ol ýurtda kosmos işini ösdürmekde, Türkmenistanyň ösüş-özgerişi ugrunda uly işleri alyp barýan Türkmenistanyň hormatly Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadaga hoşallygyny beýan edýär.
Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni, Arkadag şäheriniň bir ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlamak bilen, Gahryman Arkadaga umumadamzat ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle-de, Oleg Kononenko «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabynyň türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurlan «akylly» şähere buýsanjyň nyşany hökmünde ýan kitabyna öwrülendigi, älem giňişliginde bu kitaby götermegiň Türkmenistanyň, Arkadag şäheriniň abraý-mertebesidigini aýdýar.

Ozal kosmonawt O.Ko­no­nen­ko­nyň Türkmenis­ta­nyň­ Pre­zi­den­ti­ Ser­dar­ Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini ýollandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň