Garrylygy haýalladýan elýeterli usullar sanaldy

12:4003.07.2024
0
7384
Garrylygy haýalladýan elýeterli usullar sanaldy
Surat: doctor.rambler.ru

Bagtyýarlyk duýgusy ötüşen keselleriň döremek töwekgelçiligini peseldip biler, şonuň üçin öz durmuşyndan kanagatly adamlar uzak ýaşaýarlar. Şanhaýyň Szýao Tong uniwersitetiniň hünärmenleri şeýle netijä geldiler. Bu barada «The Sun» neşirine salgylanýan «Rambler.ru» ýazýar.

Professor Tiange Wan stresiň ýokary derejesi bilen dürli keselleriň ösüşiniň arasyndaky baglanyşygyň ylmy taýdan subut edilendigi aýtdy. Onuň sözlerine görä, psihiki saglyk bilen bagly meseleler ýürek sökellikleriniň hem-de süýt mäzleriniň düwnüginiň döremegine eltip bilýär.

Şeýle-de bu ýagdaý bagtsyz adamlaryň köp wagtyny telewizoryň öňünde geçirýändikleri, sport bilen meşgullanmaýandyklary, kadaly iýmitlenmeýändigi bilen baglydyr. Olar keýpiňi göterýän ter miweleridir peýniri iýmeýärler.

Ylmy barlaglarda wagtyndan öň garramaga eltýän sebäpler hökmünde çilim çekmek, kadaly iýmitlenmezlik, käbir dermanlary kabul etmek, hereketsizlik, ganyň düzüminde holesteriniň artyk bolmagy hem-de gan basyşynyň ýokarydygy sanalýar. Tersine, fiziki işjeňlik, miweleridir peýniri köp iýmek garrylygyň haýallamagyny üpjün edýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, saglygyňy goramak üçin ýeterlik suw içmek, ýakynlaryňdyr dostlaryň bilen köp gürrüňdeş bolmak, miwedir gök önümleri yzygiderli iýmek, ýeterlik uklamak, çilim çekmekden ýüz öwürmek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň