Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Astanada ŞHG-niň sammiti geçdi

09:3105.07.2024
0
5565
Astanada ŞHG-niň sammiti geçdi
Surat: mir24.tv

Gazagystanyň paýtagtynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň ýygnagy geçdi. Guramanyň sammiti ilkinji gezek birleşdirilen formatda: esasy ýygnak we «ŞHG+» duşuşygy görnüşinde geçdi. Astana dünýäniň 16 ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlary geldi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Liderleriň ýygnagy gurama Belarusyň agza hökmünde kabul edilmegi bilen başlandy. ŞHG-niň agza ýurtlarynyň liderleri täze düzümde Astana Jarnamasyny kabul etdiler we 25 sany bilelikdäki resminama gol çekdiler.
Häzir guramanyň 10 agza ýurdundan başga 14 sany dialog boýunça hyzmatdaş döwlet bar, Iki ýurt synçy – Owganystan we Mongoliýa.

Döwlet baştutanlary we halkara guramalaryň ýolbaşçylary Ýewraziýa sebitinde terrorizme garşy gurmak, neşekeşlige garşy göreş we kollektiwleýin howpsuzlyk ýaly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öz ýurdunyň guramada başlyklyk etmeginiň jemlerini jemledi. Ol çykyşynda bu döwürde sanly, jahankeşdelik, energetika ýaly ugurlary hem goşmak bilen, dürli derejeli çäreleriň 150-siniň geçirilendigini habar berdi. Işewürlik forumlary we guramanyň Ýaşlar geňeşiniň ýygnagy geçirildi.

Sammitde ŞHG-nyň 2025-2027-nji ýyllarda Baş sekretary wezipesine Gazagystandan Nurlan Ýermekbaýew biragyzdan saýlandy.

Günüň ikinji ýarymynda sammit «ŞHG+» formatynda öz işini dowam etdi. Oňa Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Kataryň, Mongoliýanyň, BAE-niň döwlet we hökümet Baştutanlary we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, şeýle hem iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar guramanyň täsiriniň ýylsaýyn artýandygyny nygtadylar. Astanadaky sammite Ýewraziýa sebitiniň dürli künjeginden 10 müň adamdan ybarat daşary ýurtly wekilçilikli toparlar gatnaşdy.

2025-nji ýylda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmek Gazagystandan Hytaýa geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň