Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanyň ilçisi we Ahal welaýatynyň häkimi hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy

16:5929.06.2024
0
11203

25-nji iýunda Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Niýatbekzoda Wafo bilen Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Taraplar sebitara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çeşmäniň bellemegine görä, dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ozal biz Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçisi A.Goçmyradowyň 18-19-njy iýunda Hujand şäherinde geçirilen onunjy halkara «Sugd-2024» ýarmarkasyna gatnaşdygy barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň