Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Abu-Dabide geçiriljek ADIPEС Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň mümkinçilikleri tanyşdyrylar

07:5029.06.2024
0
11921

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 7-8-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forumy geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Forumyň geçiriljek günlerinde, ýagny şu ýylyň 4 — 7-nji noýabry aralygynda BAE-niň paýtagtynda nebitgaz, energetika pudaklaryna, täze tehnologiýalara we öňdebaryjy işläp taýýarlamalara bagyşlanan (ADIPEС) Bütindünýä sergisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Dünýä ýurtlarynyň iri kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini göz öňünde tutup, bu giň gerimli halkara gözden geçirilişiň meýdançasynda maliýe-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat, söwda, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag hem-de aragatnaşyk we beýleki pudaklaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryş çärelerini guramak teklip edilýär.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada 28-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýewiň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler hakyndaky hasabatynda aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, mejlisde döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara çäreleriň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçiriljek forum hem ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini, ýeten belent sepgitlerimizi beýan etmekde uly ähmiýete eýedir.

— Şoňa görä-de, Bütindünýä sergisiniň meýdançasynda guralmagy meýilleşdirilýän «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly bu forumyň ýokary derejede geçirilmegini gazanmak möhümdir — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we wise-premýere bu ugurda degişli guramaçylyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň