Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halkynyň Milli Lideri Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşýar

18:1608.09.2024
0
14113
Türkmen halkynyň Milli Lideri Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşýar
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Bu barada TDH ýazýar.

Paýtagtyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagy resmi adamlar ugratdylar.

Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Hormat garawuly nyzama düzüldi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň