Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenhowaýollary» Kuala-Lumpura her hepdäniň sişenbe we penşenbe günleri uçar

09:1029.06.2024
0
62148

«Türkmenhowaýollary» agentligi 2024-nji ýylyň awgust aýyndan başlap Aşgabat — Kuala-Lumpur ugry boýunça howa gatnawlaryny hepdede 2 gezek amala aşyrar. Bu barada agentligiň metbugat gullugy habar berdi.

Uçuşlar her hepdäniň sişenbe we penşenbe günleri amala aşyrylar.

«Müşderileriň isleginiň artýandygyny nazara alyp, amala aşyrylýan halkara gatnawlaryň uçuş geografiýasyny giňeltmek we üstaşyr ýolagçy akymyny artdyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, Malaýziýa döwletiniň Kuala-Lumpur şäherine hepdede 2 (iki) gezek yzygiderli ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirmekligi meýilleşdirilýär. Gatnawlar hepdäniň sişenbe we penşenbe günleri ýerine ýetiriler» diýlip, çeşmede bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň