Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Garagum Ulag» kompaniýasy täze «Toyota Land Cruiser Prado» ulagyny tanyşdyrdy

11:2928.06.2024
0
49165

2009-njy ýyldan bäri «Toyota» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri bolan «Garagum Ulag» kompaniýasy täze «Toyota Land Cruiser Prado» ulagyny tanyşdyrdy. Tanyşdyryş «Toyota»-nyň Türkmenistandaky dilerlik merkezinde, Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň 7/A jaýynda geçirildi.

Awtoulagyň tanyşdyrylmagyna gabatlap, «Garagum Ulag» kompaniýasynyň hünärmenler topary Ýaňgalanyň golaýyndaky daglykda düşürilen wideoroligi taýýarlady.

Bu çärä türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem ilçihanalaryň işgärleri myhman hökmünde gatnaşdylar.

Tanyşdyryşdan başga-da, bu ýerde «Toyota» şow-rumunyň açylyş dabarasy hem boldy.

«Toyota Land Cruiser Prado» eýýäm birnäçe onýyllyklaryň dowamynda çarkandakly ýerlerde sürülmäge ukyply bolan ulaglaryň dünýäsinde ygtybarlylygyň we sürmek üçin oňaýlylygyň nyşany bolup gelýär. Ady rowaýata öwrülen bu awtoulag ajaýyp aýratynlyklary sebäpli, bütin dünýäde sürüjileriň, ulag eýeleriniň ykrar etmegine we söýgüsine mynasyp boldy.

Bu ulag özüni iň kyn ýollary ýeňillik we ygtybarlylyk bilen geçmäge ukyplylygy, çylşyrymly ýol şertlerinde hem sürmek üçin göwnejaýlygy bilen tanadýar. Onuň kadaly dizaýny we kuwwatly gurluşy diňe bir adamlaryň ünsüni özüne çekmän, eýsem dürli ulanyş şertlerinde hem deňsiz-taýsyz sürüşi üpjün edýär.

«Toyota»-nyň inženerleri «Prado» kysymyna onlarça ýyllyk tejribäni we innowasiýalary siňdirip, hakykatdanam çäksiz mümkinçilikleri bolan awtoulagy döretdiler. Şäher köçelerinde ýa-da daglyk şertlerde bolsun, tapawudy ýok, bu ulag iň ýokary öndürijilige we rahatlyga eýedir.

«Toyota Land Cruiser Prado» ulagynyň toplanyşynyň we materiallarynyň hili awtoulag senagatynda nusga öwrüldi. Awtoulag eýeleri bu ulaga çydamlylygy, az sanly tehniki çykdajylary hem-de köp ýyllap ulanylandan soň hem ajaýyp sürüjilik öndürijiligini saklamak ukyby üçin ýokary baha berýärler.

«Toyota Land Cruiser Prado» bir awtoulagda ygtybarlylygyň, oňaýly sürüşiň we rahatlygyň ajaýyp sazlaşygyny utgaşdyrmagy gözleýänler üçin dogry saýlaw bolmak bilen, adamlary geň galdyrmagy we begendirmegi dowam etdirýär.

«Garagum Ulag» kompaniýasy täze «Toyota Land Cruiser Prado» ulagynyň Türkmenistanda çylşyrymly şertlere niýetlenen ulaglary halaýanlaryň çäksiz söýgüsini gazanjakdygyna ynanýar.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Oguzhan köçesi 7/А jaýy;
  • telefon belgisi: (+993 12) 43 70 57;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň