Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenhowaýollary» Jidda şäherine ýolagçy gatnawynyň sanyny artdyrdy

23:2226.06.2024
0
44276

«Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan häzirki wagtda reje boýunça ýerine ýetirilýän ýolagçy halkara gatnawlaryna islegler yzygiderli artýar. Müşderileriň isleginiň artýandygyny nazara alyp, amala aşyrylýan halkara gatnawlaryň uçuş geografiýasyny giňeltmek we üstaşyr ýolagçy akymyny artdyrmak maksady bilen, «Türkmenhowaýollary» agentligi 2024-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherine hepdede 2 gezek yzygiderli ýolagçy gatnawynyň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär.

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, gatnawlar hepdäniň çarşenbe we anna günleri ýerine ýetiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň