Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» dokuzynjy gezek Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy diýlip ykrar edildi

15:1926.06.2024
0
12514

Türkiýäniň öňdebaryjy awiakompaniýasy bolan «Turkish Airlines» «Skytrax World Airline Awards 2024» dabarasynda abraýly «Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy» baýragyny almak bilen Ýewropa awiasiýasynda öňdebaryjy ornuny ýene bir gezek tassyklady. Bu baýraga kompaniýa eýýäm dokuzynjy gezek mynasyp bolýar.

Köplenç «Awiasiýa pudagynyň Oskary» diýlip atlandyrylýan baýrak gowşurylyş dabarasy 24-nji iýunda Londonyň meşhur Windsor Fairmont seýilgähinde geçirildi. Esasy baýrakdan başga-da, «Turkish Airlines» «Günorta Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy» baýragy bilen sylaglandy we «Biznes synpda dünýäniň iň gowy iýmiti» baýragyny aldy.

«Turkish Airlines-iň» baş direktory Bilal Ekşi ýolagçylara we «Skytrax» toparyna kompaniýanyň tagallalaryna ýokary baha berendikleri üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Ol awiakompaniýanyň türk myhmansöýerlik däplerine esaslanýan hyzmaty we innowasiýany yzygiderli kämilleşdirmäge çalyşýandygyny aýtdy.

Awiakompaniýa uçuşlarynyň ugurlaryny giňeltmegi dowam etdirýär, ýakynda Melburna uçuşlar ýola goýuldy, bu bolsa oňa alty yklymyň hemmesini gurşap almaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem «Turkish Airlines» ekologiýa taýdan arassa geljegi döretmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirip, awiasiýany durnukly ösdürmegiň meselelerine-de uly üns berýär.

Bu baýraklar «Turkish Airlines-iň» ýolagçylara ýokary hilli hyzmat we giň uçuş ugurlaryny hödürleýän dünýäniň öňdebaryjy awiakompaniýalarynyň biri hökmündäki derejesini tassyklaýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: G.Kuliýew köç., 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
  • elektron poçta: askabatbıletsatıs@thy.com;
  • telefon (+993 61) 01 44 33;
  • web-saýt turkishairlines.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň