Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BAE-niň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, özara söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin teklipler öňe sürüldi.
Duşuşyga gatnaşyjylar söwda we ykdysady ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaklygyň tarapdarydyklaryny tassykladylar. Nebit-gaz, himiýa senagatynda, energetika, ulag, maliýe we bank pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigi bellenildi.
Şeýle-de taraplar türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ösmegi üçin iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň möhümdigini nygtadylar.