Arhiw

Türkmenistanly lukmanlar Germaniýada tejribe geçýärler

07:3524.06.2024
0
7978

Alty hepdelik tejribe alyşmak maksatnamasynyň çäklerinde türkmen hirurglarynyň topary Germaniýanyň torakal we umumy hirurgiýa ugurlary boýunça öňdebaryjy lukmançylyk merkezlerinden biri bolan Nýurenberg klinikasynda tejribe geçýärler.

HHM berýän habaryna görä, klinikanyň baş lukmany, professor Markus Diner we onuň topary türkmen kärdeşlerini edarada ulanylýan öňdebaryjy bejeriş usullarydyr iň oňat tejribeleri bilen tanyşdyrýar. Tejribe gutarandan soň, lukmanlar alan bilimlerini we başarnyklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmegi meýilleşdirýärler, şol sanda aşgazanasty mäziniň operasiýalaryny we torakal çäreleri giňeltmegi göz öňünde tutýarlar.

Soňky ýyllarda ýüzlerçe türkmen lukmanlarynyň Germaniýanyň lukmançylyk merkezlerinde tälim we tejribe geçendigini bellemelidiris. Häzirki wagtda taraplar birek-biregi tejribe alyşmaga çagyryp, akademiki hyzmatdaşlygy we amaly gatnaşygy güýçlendirýärler. Nemes professorlary Türkmenistana çagyrylýar. Hünärmenler seminarlary geçirýärler, bilimlerini we başarnyklaryny türkmen kärdeşleri bilen paýlaşýarlar. Şeýle hem çylşyrymly neýrohirurgiki amallary, şöhle arkaly anyklaýyş usullaryny, angiografiýany we näsaglary bejermekdäki iň soňky çemeleşmeleri öwredýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň