Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

22-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:2122.06.2024
0
11647

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi başlanýar, Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi we ylmy işleri hasaba almagyň täze Tertibini tassyklady, «Hor Tureskogo» Aşgabatda iki konsert berer we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Şu gün Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi başlanýar. Bu waka mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow medeniýet we sungat işgärlerine Gutlag iberdi. Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutany berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, Türkmenistanda ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibini tassyklady. Bu resminama Türkmenistanda ylmy işleriň has netijeli dolandyrylmagyna goşant goşmalydyr.

3. Mundan başga-da, döwlet Baştutany 25-nji iýunda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy. Foruma energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalyk we azyk senagaty, gurluşyk, syýahatçylyk ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalar gatnaşar.

4. 26-njy iýunda Russiýanyň dünýä meşhur «Hor Tureskogo» topary Türkmenistanyň paýtagtyna geler. Çykyşlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolar. Tomaşaçylara iki konsert garaşýar: 16:00-da we 19:00-da. Konsertlere giriş diňe çakylyk petekleri esasynda mümkindir.

5. 21-nji iýunda Türkmenistanyň paýtagtynda Halkara ýoga güni bellenildi. Hindistanyň ilçihanasy Aşgabatdaky Olimpiýa stadionynda ýüz töweregi adamyň gatnaşmagynda köpçülikleýin ussatlyk sapagyny gurady. Çärä Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow hem gatnaşdy. Gatnaşyjylaryň hatarynda ýoganyň ýerli muşdaklary, diplomatik wekilhananyň wekilleri we Hindistanyň ilçihanasynyň işgärleri hem bardy.

6. 24-25-nji iýunynda mekdep okuwçylarynyň arasynda mental arifmetika boýunça milli olimpiada geçiriler. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralýan bäsleşik Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçiriler. Olimpiadanyň jemleýji tapgyryna Türkmenistanyň dürli künjeklerinden saýlanan 110 sany zehinli 6 – 14 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary gatnaşarlar.

Dünýäde

7. Ýoniýada Ýesiharu Watanabe atly 45 ýaşly bagban bagynda 63 sany ýaprakly ýorunja ösdürip ýetişdirmek bilen garaşylýandan has uly üstünlik gazandy. Bu üstünlik täze dünýä rekordyna öwrüldi we Watanabeniň adyny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizdi. Rekorda barýan ýol 2012-nji ýylda, bagbanda ýorunjanyň ýapraklarynyň sany boýunça rekord goýmak pikiri döräp, melleginde bu ösümlige yhlasly ideg edip başlamagy bilen başlandy. Ol tebigy we emeli tozanlandyrmagy utgaşdyryp, dürli usullary yzygiderli ulandy. Kynçylyklara we şowsuzlyklara garamazdan, Watanabe yza tesmedi we onuň tutanýerliligi ahyrsoňy sylaglandy.

8. Brest galasynda Beýik Watançylyk urşunyň we galanyň goragynyň ilkinji söweşleri şöhlelendirildi. Belarusdan, Russiýadan we beýleki ýurtlardan 500 hünärmen 1941-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky wakalary görkezdiler. Bu ýyl dabaranyň maksatnamasy has göwrümli boldy. Ssenariý giňeldildi we täze wakalar goşuldy.

Sport habarlary

9. Solt-Leýk-Siti şäherinde geçirilen «PFL 5» ýaryşynda türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow kamerunly Simon Biýong bilen tutluşykda ýeňiş gazandy. Söweş üç raund dowam etdi we eminleriň biragyzdan karary esasynda Ýagşymyradowyň ýeňşi bilen tamamlandy. Bu ýeňiş netijesinde türkmen söweşijisi PFL Gran-prisiniň pleý-off tapgyryna gatnaşmak hukugyny gazandy, şunda onuň garşydaşy awstraliýaly söweşiji Rob Wilkinson bolar.

10. Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynda Niderlandlar bilen Fransiýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýunda türkmen baýdagy görüldi. Leýpsigde geçirilen duşuşyk golsuz deňme-deň tamamlandy. «Matç TW» teleýaýlymynda göni ýaýlymda Türkmenistanyň baýdagy birnäçe gezek görkezildi. Bu ýaryşdaky ilkinji gol salynmadyk oýun boldy. «D» toparçada hersi 4 utuk toplan Niderlandlar we Fransiýa öňde barýar. Ondan soň Awstriýa we Polşanyň ýygyndylary gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň