Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Sianda geçirilen ykdysady foruma gatnaşdy

17:1619.06.2024
0
5800

Hytaýyň Sian şäherinde ýurduň Şensi welaýaty bilen Merkezi Aziýanyň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmeklige bagyşlanan foruma geçirildi. 18-nji iýunda geçirilen mejlise Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň wekilleri, Şensi welaýatynyň ýolbaşçylary, telekeçiler hem-de bilermenler gatnaşdylar. Olar mejlisiň dowamynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Bu barada m.cnwest.com saýty habar berýär.

Konferensiýada Hytaýyň Şensi welaýatynyň «Silk Road Expo» halkara sergisi, Oba hojalygynyň ýokary tehnologiýalarynyň ýarmarkasy we Ýewraziýa ykdysady forumy ýaly ýokary derejeli platformalar arkaly Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrandygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň birinji çärýeginde Şensi welaýaty bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky importyň we eksportyň umumy mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,4 esse ýokarlandy.

Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Şensi welaýatyndan 30,7 müňden gowrak syýahatçy Merkezi Aziýa döwletlerine syýahat etdi. Şeýle-de soňky bir ýylda Şensi welaýaty Merkezi Aziýa döwletlerinden gelen 81,3 müň ýolagçyny kabul etdi. Hususan-da, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Merkezi Aziýadan Şensi welaýatyna gelen ýolagçylaryň sany 30,7 müňe ýetdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,67 esse köpdür.

Mundan başga-da, soňky bir ýylda Şensi welaýatynda Merkezi Aziýadan we beýleki ýurtlardan 10 müňden gowrak oba hojalygy pudagynyň işgärleri, hünärmenleri hem-de alymlary taýýarlanyldy.

Şensi welaýatynyň häkimliginiň söwda bölüminiň müdiri Mang Miao geçen ýyldan bäri energetika, himiýa senagaty, inženerçilik çözgütleri, ýeňil senagat we dokma senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin Şensi welaýatynyň 106 sany ykdysady we söwda wekiliýetiniň Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapar bilen barandygyny belledi. Şeýle-de Şensi welaýatynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara söwdasynyň 2023-nji ýylda 178 göterim, üstümizdäki ýylyň ýanwar-maý aýlarynda bolsa 136,2 göterim ýokarlanandygy nygtaldy. Munuň özi bu sebit bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň işjeňleşýändigine şaýatlyk edýär.

Şensi welaýatynda geçirilen nobatdaky konferensiýa hem häzirki zaman oba hojalygy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, sanly ykdysadyýet, ýaşyl ösüş we «akylly» şäherler ýaly esasy pudaklaryň ösmegine itergi bermekde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmaga amatly meýdança bolup hyzmat etdi.

Konferensiýada, esasan hem, özara ykdysady integrasiýany has-da çuňlaşdyrmak, halkara logistika merkezlerini we logistika parklaryny döretmek, Merkezi Aziýa ýurtlarynda ammar terminallarynyň ýerleşişini we gurluşygyny kämilleşdirmek, Siandan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň şäherlerine täze ýolagçy we ýük gatnawlaryny açmagy dowam etdirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň