Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi «Rostow» bilen şertnama baglaşdy

10:2317.06.2024
0
5890

Duşenbäniň «Istiklol» futbol toparynyň we Täjigistanyň milli ýygyndysynyň 25 ýaşly futbolçysy Rustam Ýatimow Russiýanyň «Rostow» klubyna geçdi. Bu barada rus toparynyň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

Ýatimow Nižniý Nowgorodyň «Wolga» toparynyň uçurymydyr. Ol 2018-nji ýyldan bäri «Istiklolda» çykyş edip gelýär. Ol täjik toparynyň düzüminde alty gezek ýurduň çempiony boldy, dört gezek Täjigistanyň kubogyny gazandy we Naýbaşy kuboga mynasyp boldy. «Istiklolda» 92 duşuşyga çykan Ýatimow olaryň 39-synda derwezesinden asla gol geçirtmedi.

Ýatimow 44 duşuşykda Täjigistanyň milli ýygyndysynyň derwezesini hem gorady.

Futbolçy bilen «Rostowyň» arasyndaky şertnamanyň aýratynlyklary barada maglumat berilmedi. Klub diňe Ýatimowy kabul edip, oňa üstünlik arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň