Dubaýda dünýäde iň çuň howuz açyldy

11:0615.06.2024
0
12052
Dubaýda dünýäde iň çuň howuz açyldy
Surat: russianemirates

Dubaýda dünýäde iň çuň howuz guruldy, ol gark bolan şähere meňzeýär diýip, «24KZ» habar berdi. Howzuň çuňlugy 60 metr, göwrümi 15 million litr suw tutýar. Ol eýýäm guwwaslar üçin dünýäde iň çuň howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Adamlar howuzda suwuň düýbünde gark bolan gämileri, awtoulaglary we motosiklleri synlap biler.

Şeýle hem suwuň astynda läheňleriň sesini we söýgüli sazyňy diňläp bolýar. Howuz tejribeli we başlangyç guwwaslaryň iň söýgüli ýerine öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň