Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýyl taryhda iň yssy bolup biler

09:2126.06.2024
0
8705

Bu ýyl geçen 2023-nji ýylyň temperatura rekordy täzelener. Bu barada Bütindünýä meteorologiýa guramasy çaklaýar. Häzir dünýäde çakdanaşa yssynyň hasaba alynmagy şeýle çaklama üçin esas berýär diýip, «24KZ» ýazýar.

Bu barada guramanyň geçen ýyl üçin nutugynda aýdylýar. Bu gün ol çaklamalaryň hakykata ýakyndygyny hakyky ýagdaýlar subut edýär. Tomsuň jokrama yssysy eýýäm Aziýada we Ýewropada müňlerçe adam ölümine getirdi.

Hristos Giannaros, fizik-ekolog şeýle gürrüň berýär: - Bu ölümleriň gün urmasy sebäpli döreýändiginiň ynandyryjy subutnamalary bar. Adamyň bedenine yssy artykmaç agram salýar. Netijede, bedeniň ýylylyk sazlaşygy ýagdaýa tap getirip bilmän, gün urmasyna sezewar bolýar.

Nejra Ýunuz Guziç, gyssagly lukmançylyk klinikasynyň hünärmeni: - Biz howanyň gyzmagy netijesinde, hassalaryň artmagyna garaşýarys. Adamlar yssy howada huşundan gidýärler, olaryň gan basyşy güýçli peselýär. Şonuň üçin ýeterlik suw içmek möhümdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň