Türkmenistan Urumçide geçiriljek “Hytaý – Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşar

12:4515.06.2024
0
17806

Türkmenistan Hytaýyň Urumçi şäherinde geçiriljek “Hytaý – Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşar. “Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, halkara sergi, esasan, 3 bölümde geçiriler. Hususan-da, ol maýa goýum hyzmatdaşlyk, milli pawilýonlar we pudaklara ýöriteleşdirilen bölümlerden ybarat bolar.

Serginiň çäklerinde söwda we maýa goýum forumlarynyň, tejribe alyşmalaryň, dürli ykdysady we medeni çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.

Bu iri möçberli sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy we dürli pudaklaryň, şeýle-de hususy haryt öndürijileriň harytlarynyň we hyzmatlarynyň mahabatlandyrylmagy ýurduň eksport ugurly harytlarynyň hytaý bazarynda ýerlenişini artdyrmaga mümkinçilik döreder.

Sergi 26 --- 30-njy iýun aralygynda geçiriler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu sergä Türkmenistanyň gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň