Ýewro ― 2024-iň açylyş duşuşygynda Germaniýa Şotlandiýany uly hasap bilen ýeňdi

02:0615.06.2024
0
11145

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň Germaniýanyň we Şotlandiýanyň ýygyndylarynyň arasynda geçirilen açylyş duşuşygynda ýer eýeleri 5:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Duşuşykda nemes ýygyndysynyň gollaryny 10-njy minutda Florian Wirts, 19-njy minutda Jamal Musaila, 45+1-nji minutda Kaý Hawerts, 68-nji minutda Niklas Fýullkrug we 90+3-nji minutda Emre Jan geçirdi. 87-nji minuntda bolsa nemes ýygyndysynyň merkezi goragçysy Antonio Rýudiger öz derwezesine pökgi geçirdi.

Duşuşygyň 45-nji minudynda Şotlandiýanyň ýygyndysynyň goragçysy Raýan porteus gyzyl kart alyp, meýdandan çykaryldy.

Mýunhen şäherindäki «Alýans-Arena» stadionynda geçirilen duşuşy fransiýaly hünärmen Kleman Týurpeniň ýolbaşçylygyndaky eminler topary alyp bardy.

Bu iki ýygyndy «A» toparça wekilçilik edýär. Toparçada başga-da, Şweýsariýanyň we Wengriýanyň ýygyndylary bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň