Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Fernandu Santuş Azerbaýjanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine getirildi

16:1814.06.2024
0
8706

Azerbaýjanyň Futbol federasiýalary birleşigi portugaliýaly futbol hünärmeni Fernando Santuşyň ýurduň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine getirilendigini habar berdi.

69 ýaşly tälimçiniň öňünde Ýewropanyň beýleki ýygyndylary bilen deňeçer güýçde ýaryşyp biljek we 2028-nji ýyldaky Ýewropa çempionatyna gatnaşjak ýygyndyny taýýarlamak wezipesi goýulýar.

Şantuşyň öňdebaryjy klublarda işleşmek boýunça baý tejribesi bar. Onuň soňky iş ýeri Türkiýäniň «Beşiktaş» klubydy. Ol bu klubdan şu ýylyň aprel aýynda işden boşadyldy. Ondan öň ol Polşanyň (2023-nji ýyl), Portugaliýanyň (2014 ― 2022-nji ýyllar) we Gresiýanyň (2010 ― 2014-nji ýyllar) milli ýygyndylaryna tälim berdi. Şeýle hem PAOK, «Benfika», AEK, «Sporting», «Portu» we «Panatinaikos» klublarynda işledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň