Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Niderlandlar bilen oba hojalygy pudagyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýýar

11:2114.06.2024
0
13931

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryndan, ýurduň Oba hojalygy ministrliginiň wekillerinden hem-de beýleki hususy işewürlerden ybarat bolan türkmen wekiliýeti 10 — 14-nji iýun aralygynda geçirilen «Green Tech Amsterdam 2024» abraýly halkara sergisine gatnaşmak üçin Niderlandlara sapar bilen bardy. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, saparyň maksady diňe sergä gatnaşmakdan ybarat bolman, oba hojalygynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikler açmak bilen hem baglydyr.

«Green Tech Amsterdam 2024» halkara sergisinde türkmen wekiliýetiniň agzalary oba hojalygy pudagyndaky öňdebaryjy täzelikler we tehnologiýalar bilen tanyşdylar, bazaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň hünärmenleri bilen duşuşdylar we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, Niderlandlaryň oba hojalygy pudagynda işewür gatnaşyklaryna gözegçilik edýän esasy guramalary bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Bu bolsa türkmen tarapyna Niderlandlaryň degişli ugurdaky işewürlik gurşawy barada has köp maglumat almaga we bilelikdäki taslamalar üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Saparyň essy wakalarynyň biri «Green Tech Amsterdam» halkara sergisiniň çäginde Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy tarapyndan guralan Türkmen forumy boldy. Bu çäre ýurduň oba hojalygy pudagyndaky maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin daşary ýurt kompaniýalaryny, türkmen işewürlerini we halkara maliýe guramalaryny bir ýere jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň