Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematogtafiýa baradaky döwlet komitetine ABU-na agzalyk teklip edildi

18:5813.06.2024
0
13111

11-12-nji iýun aralygynda Italiýanyň Neapol şäheriniň «Palazzo Partanna» binasynda Aziýa-Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşigi (ABU) we Italiýanyň Rai teleradiokompaniýasy tarapyndan bilelikde ABU-Rai günleriniň 6-njy mejlisi «AI meets Public service media: A global perspective» ady bilen geçirildi.

Onda häzirki sanly ulgam döwürde habar beriş serişdeleriniň mazmuny, habar beriş serişdelerinde intellekt sungatyny ulanmakda üstünlikli tejribeler, resmi intellekt we metbugat hünärleri, emeli aňyň ulanmagyň tehniki taraplary, resmi intellekt döwründe etika hem-de kanunçylyk ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada HHM habar berýär.

Duşuşyga Aziýa-Ýuwaş Umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň, Ýewropa teleradioýaýlymlar birleşiginiň we beýleki daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şol sanda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematogtafiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Çäräniň çäklerinde wekiller birnäçe daşary ýurtly tele we radio kompaniýalaryň, halkara metbugat guramalaryň we teleradioýaýlymlar birleşikleriň wekilleri bilen duşuşyp, pikir alyşdylar, şeýle hem hyzmatdaşlyklary has-da ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da Italiýanyň «Rai» teleradiokompaniýasynyň Halkara hyzmatdaşlygy müdirliginiň ýolbaşçysy hanym Simona Martorelli we hünärmen Maria Luiza bilen duşuşyp, geljekde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematogtafiýa baradaky döwlet komiteti bilen ikitarapabähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmek maksady bilen, özara düşünişmek hakyndaky resminama gol çekişmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da Ýewropa ýurtlary teleradioýaýlymlar birleşiginiň (ABU) agzalyk we halkara gatnaşyklary müdirliginiň ýolbaşçysy Mişel Rowerelli bilen söhbetdeş bolup, ol döwlet komitetini guramanyň assosirlenen agzalygyna çagyrdy. Bu bolsa birleşigiň doly hukukly agza döwletleriniň we beýleki assosirlenen agza döwletleriniň teleradioýaýlymlarynda, internet portallarynda Türkmenistan baradaky habarlary paýlaşmak, birek-biregiň guraýan çärelerine gatnaşmak, guramanyň akademiýasynda türkmenistanly hünärmenleriň hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçmekleri üçin mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň