Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Koreýanyň «Daewoo E&C» kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanýar

17:3113.06.2024
0
11339

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana sapary wagtynda «Daewoo Engineering & Construction» gurluşyk kompaniýasynyň başlygy Çjun Won Çju iş wekiliýetiniň düzüminde türkmen hünärmenleri bilen birnäçe möhüm duşuşyk geçirdi.

Wise-premýer Batyr Amanow, «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary bilen «Daewoo E&C»-niň başlygynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin amatly maýa goýum ýagdaýy bellenilip geçildi. Bu barada «The Korea Herald» habar berdi.

«Daewoo E&C» Gyýanly we Türkmenabat şäherlerinde mineral dökünleri öndürýän iki sany uly zawodyň, şeýle hem «akylly» Arkadag şäheriniň taslamasynyň ikinji tapgyryna gatnaşmak isleýändigini mälim etdi.

Geçen ýylyň noýabr aýynda «Daewoo E&C» kompaniýasynyň Türkmenistanyň çalt ösýän bazarynda has netijeli işlemek üçin Aşgabatda şahamçasyny açandygyny ýatladýarys.

— Türkmenistanyň baý tebigy baýlyklary täze şäherleri, senagat desgalaryny we infrastrukturany ösdürmek ýaly dürli pudaklarda işewürlik üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe — diýip «Daewoo E&C»-niň başlygy aýtdy. — Bu taryhy döwlet saparyndan soň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmek arkaly Merkezi Aziýa bazaryndaky ornumyzy berkitmäge borçlanýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň