Top.Mail.Ru

13-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:1413.06.2024
0
11993

Türkmenistanda Awstraliýanyň täze ilçisi işe başlady, Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň 107 ýeňijisi sylaglandy, Türkmenistan we Pakistan parlamentara hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Awstraliýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Jon Uilýam Giringden ynanç hatyny kabul etdi. Ilçi Giring türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirdi. Ol Prezident Serdar Berdimuhamedowa Awstraliýanyň ýolbaşçylarynyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de Awstraliýanyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

2. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda her ýyl geçirilýän we Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Şu ýyl bäsleşige ýaş alymlaryň we talyplaryň 1670-si gatnaşyp, dürli ugurlar boýunça öz işläp taýýarlamalaryny hödürlediler.

3. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi Ahsan Wagan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda diplomat döwletara we halkara hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilişi, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeler, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli guralan çäreleriň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

4. 30 hindi kompaniýasy Türkmenbaşy deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin Türkmenistana gelip görmek isleýär. Bu barada Hindistanyň Aşgabatdaky ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginde geçirilen duşuşykda belledi. Duşuşyk deňiz ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselesine, şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen ýükleri üstaşyr geçirmegiň mümkinçiliklerine bagyşlandy.

5. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň täze bellenen başlygy Jalpa Ratna bilen duşuşdy, ol ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Ministr Meredow diplomaty wezipä bellenmegi bilen gutlap, işinde üstünlik we rowaçlyk arzuw etdi.

Dünýäde

6. Britaniýanyň tebigy taryh muzeýinden biologlar topary täsin açyş etdi – olar Amazonka derýasynyň basseýninde ýaşaýan ot bilen iýmitlenýän piranýa balygynyň täze görnüşini ýüze çykardylar. Alymlar bu üýtgeşik balygy görenlerinde derrew «Ýüzükleriň hökümdary» kitabynyň meşhur zalym gahrymany Saurony ýada saldylar. Bu täsin jandarlar Braziliýanyň çäginden akýan Amazonka derýasynyň şahasy bolan Şingu derýasynyň suwlarynda tapyldy. Bu derýa basseýni täsirli biodürlüligi bilen tanalýar – bu ýerde balyklaryň 600-den gowrak görnüşi ýaşaýar.

7. Daşkentdäki «Uzbekiston» Halkara forumlar köşgünde Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Çärä halk köpçüliginiň wekilleri, edebiýat we sungat işgärleri, dörediji ýaşlar gatnaşdylar. Üç günüň dowamynda Özbegistanyň paýtagtynda edebi duşuşyklar, kitap tanyşdyryşlary, medeni-bilim çäreleri hem-de azerbaýjan medeniýeti bilen tanyşdyrýan sergiler geçiriler.

Sport habarlary

8. Şu gün Kuala-Lumpur şäherinde 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda 2025-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň kubogynyň saýlama ýaryşynyň bije çekişligi boldy. 43 ýygyndy 2024-nji ýylyň 19 ― 27-nji oktýabry aralygynda geçiriljek deslapky ýaryş üçin öz aralarynda 10 toparça bölündiler. Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy Taýland, Hindistan we Bruneý bilen bilelikde «D» toparça düşdi.

9. Türkmenistanly meşhur futbol hünärmeni Gurban Berdiýew ýakynda Azerbaýjanyň «Turan» toparynyň baş tälimçisi bolar. Bu barada klubyň sport direktory habar berdi. Azerbaýjanyň çempionatynyň geçen möwsüminde 48 utuk toplan «Turan» altynjy orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň