Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Dragon Oil” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

08:5612.06.2024
0
8828
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Dragon Oil” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
Surat: turkmenistaninfo.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al-Jarwan bilen duşuşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, “Dragon Oil” kompaniýasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Şunda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň özara ynanyşmak esasynda ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen BAE-niň dünýäde tebigy gaza we nebite iň baý döwletleriň biridigi hem-de nebitgaz senagatyny ösdürmekde uly tejribä eýedigi bellenildi. Şeýle-de köp ýyllaryň dowamynda BAE-niň iri kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda durmuşa geçirýän taslamalaryna üns çekildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurtda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeler we işewürlik üçin döredilýän oňaýly şertler barada aýdyp, Türkmenistanyň “Dragon Oil” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny belledi.

“Dragon Oil” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda üstünlikli iş alyp barmagyna örän buýsanýandygyny belläp, berilýän goldaw üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çäksiz hoşallygyny bildirdi we kompaniýanyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň barşynda bilelikdäki işiň ägirt uly tejribesini hem-de Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary nazara almak bilen, köpýyllyk gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri-de ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň