Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Malawiniň wise-Prezidenti uçar heläkçiliginde gurban boldy

16:5211.06.2024
0
9690

Malawiniň Prezidentiniň orunbasary Saulos Klaus Çilimanyň uçary heläkçilige uçrady, ýolagçylaryň ählisi gurban boldy diýip, «24KZ» habar berýär.

Halas edijiler ýurduň demirgazygyndaky tokaýda uçaryň galyndylaryny tapanlaryndan soňra, Prezident Lazarus Çakweru ýolbaşçylaryň pida bolandyklaryny resmi yglan etdi diýip, ýerli «MBC Digital» neşiri ýazýar.

Wise-Prezidentiň uçary 10-njy iýunda Malawiniň paýtagtyndan Mzuzu şäherine ugur aldy. Emma ýaramaz howa şertleri sebäpli, ady agzalan şäheriň howa menziline gonup bilmedi we yzyna öwrüm etdi, tizara ol radarlardan ýitirim boldy.

Uçarda wise-Prezidenti we ýurduň öňki birinji hanymyny hem goşmak bilen, on adam bardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň