Aşgabatda türkmen-koreýa işewürlik forumy geçirilýär

12:1411.06.2024
0
10613

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda türkmen-koreý işewürlik forumy geçirilýär.

Duşuşygyň Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň çäginde geçirilýändigini hem bellemek gerek.

TDH-nyň berýän habaryna görä, foruma türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň gatnaşmagy bilen aýratyn ähmiýet berildi.

Forum başlamazdan ozal myhmanlar ýörite guralan sergä tomaşa etdiler. Sergi Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerini görkezmäge mümkinçilik berdi.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň