Türkmenistanyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu gün --- 7-nji iýunda bugdaý oragyna girişildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen, il sylagly ýaşulular bugdaý oragyna "Bismilla" edip başlap berdiler.
Jogapkärli oba hojalyk möwsümine girişilmegi mynasybetli, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda maslahatlar geçirildi, aýdym-sazly çäreler, sergiler, okuw sapaklary we taryhy ýerlere gezelençler guraldy.
Kesgitlenen tertibe laýyklykda, ýurduň Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bugdaý oragy 14-nji iýunda başlanar.
Şu ýyl türkmen gallaçylaryna bugdaýy ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda hem 80 müň tonna galla hasylyny ýygnap almak wezipesi öňde goýuldy. Oba hojalyk ýerlerinde bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri ekildi.