Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Baş tälimçi Mergen Orazow DÇ - 2026-nyň saýlama tapgyrynda Özbegistan bilen bolan duşuşykdan soň pikirlerini paýlaşdy

12:0507.06.2024
0
18614

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Dünýä çempionaty 2026-nyň çäginde düýn Daşkent şäherinde Özbegistanyň ýygyndysy bilen boljak duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnanyşygynda duşuşyk baradaky pikirlerini beýan etdi. Duşuşygyň özbek ýygyndysynyň peýdasyna 3:1 hasabynda tamamlanandygyny ýatladýarys.

― Duşuşyk hakynda pikirleriňiz?

― Biz meýdanda erbet oýun görkezmedik, şonuň üçin hem duşuşygyň netijesinden kanagatlanamzok. Utulyşymyzyň sebäbi ― goragymyzdaky ýalňyşlyklar. Ozal hem aýdyşym ýaly, özbek ýygyndysy ýalňyşlyklary bagyşlamaýar. Biz öz üstümizde işlemegi dowam etdireris. Ýalňyşlyklarymyzy azaltmak üçin yhlas ederis.

― Bu gün milli ýygyndyndyda bir toparyň 8 wekilini esasy düzüme goşduňyz? Şol topar milli ýygyndynyň esasyny düzýärmi?

― Ozal hem ýadyşymyz ýaly, bu topar milli ýygyndynyň esasyny düzýär. Bir toparda bile oýnaýan futbolçylar biri-biri bilen sazlaşykly hereket edip bilýärler.

― Birinji ýarymda gowy futbol görkeziňiz, belki milli ýygynda fiziki taýýarlyk boýunça daşary ýurtly hünärmen gerekdir.

― Dogry aýtdyňyz, fiziki ýagdaýymyzda ýetmezçilik bar. Teklibiňiz barada oýlanyp göreris. Birinji ýarymda gowy oýnap, ikinji ýarymda gowşaýarys. Milli ýygyndynyň lybasyny geýen oýunçy üçin möhüm däl duşuşyk bolmaýar. Käbir futbolçylara dynç bermegi makul bildim. Olary geljekki oýna aýaýarys.

― Özbegistanyň ýygyndysy siziň garaşan oýnuňyzy orta goýdumy?

― Özbegistan bizi haýran galdyrmady, garaşyşymyz ýaly, futbolçylaryň derejesi we tehniki başarnyklary ýokary. Ähli zat biziň garaşyşymyz ýaly boldy. Hatda duşuşykda biz garşydaşa gol geçirmäge köp mümkinçilik berdik. Biz taktiki ukyplarymyzy kämilleşdirmegiň hem üstünde işläris.

― Eýran bilen, Özbegistan bilen duşuşyp gördüňiz. Eýranyň güýçli taraplary näme aýdyp bilersiňiz?

― Iki ýygyndynyň arasynda Daşkentde geçirilen duşuşyk ýönelige deňlik bilen tamamlandy. Häzir olaryň ikisiniň güýji deňeçer. Öňde boljak duşuşykda özbek ýygyndysyna üstünlik arzuw edýärin. Eger dogry oýny gurnap bilse, ýygyndynyň Eýran üstün çykmak mümkinçiligi bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň