Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

5-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

10:1605.06.2024
1
10191

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen gutlady, Çehiýa Türkmenistanda täze ilçini wezipä belledi, Türkmenistan Minskde GDA-nyň aragatnaşyk boýunça maslahatyna gatnaşdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda


1. Şu gün bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistan hem Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenilip geçilýär. Şanly waka mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow daşky gurşawy goraak ulgamynyň işgärlerini we Türkmenistanyň halkyny gutlady. «Biziň halkymyz daşky gurşawa, tebigata örän aýawly çemeleşip, ony hemişe gorap gelýär. Bu ynsanperwer işleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda has-da ilerletmekde, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde kabul eden maksatnamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar» diýlip, gutlagda bellenilýär.

2. Aşgabatda Çehiýanyň täze ilçisi Lýubomir Frebortyň Türkmenistan Mejlisiniň Başlygyna ynanç hatyny gowşurmak dabarasy boldy. Milli parlamentiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem parlamentara hyzmatdaşlygynda ösüş gazanylýandygyny bellediler.

3. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 60-njy maslahatyna gatnaşdylar. Halkara maslahatda GDA agza ýurtlaryň telekommunikasiýa pudagynyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy aragatnaşyk pudagynyň derwaýys meseleleri barada çykyş etdi. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti bilen GDA agza ýurtlaryň telekommunikasiýa pudagynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikiçäk görnüşde hem-de giňişleýin düzümde duşuşyklar geçirildi.

4. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we paýtagtyň myhmanlaryny Wolt Disneýiň halanýan hekaýalarynyň sazlaryndan lezzet almaga çagyrýar. «Disney100» atly konsert 9-njy iýunda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçiriler.

5. Türkmenistanyň ilçisi bilen Täjigistanyň bilim we ylym ministri iki ýurduň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Taraplar bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Hususan-da, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesine aýratyn üns berildi. Türkmen-täjik bilim hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigine Täjigistanyň Hatlon sebitiniň Dusti etrabyndaky Ergaş Soltanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky orta mekdebi gurmak baradaky hökümetara şertnamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi hem şaýatlyk edýär.

6. Türkmenistanyň e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portaly raýatlara dürli resminamalary düzetmek we kepilnamalary almak üçin zerur bolan maglumatlary hödürleýär. Portalda Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny, çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasyny hem-de beýleki möhüm resminamalary almak üçin anyk gözükdirmeleri tapmak bolýar. Maglumatlar ulanyjylaryň döwlet edaralaryndan zerur bolan maglumatlary tiz tapmagyny göz öňüne tutup düzülendir. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul ediş möwsüminde hyzmatlar portalynda dalaşgärler üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy, hünär ugurlary we synaglaryň geçiriljek senesi ýaly maglumatlar yzygiderli täzelenip durulýar.

Dünýäde

7. Premýer-ministr Narendra Modi 19-njy aprelden 1-nji iýuna çenli Hindistanda birnäçe tapgyrda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Deslapky netijelere görä, premýer-ministriň partiýasy bolan «Bharatiýa janata parti» (BJP) ýiti bäsdeşlik bolmagyna garaşylýandygyna garamazdan, parlamentiň aglaba bölegini eýelemese-de, birinji orna çykdy.

8. 4-nji iýunda Gazagystanda Döwlet nyşanlarynyň güni dabaraly ýagdaýda bellenildi. 1992-nji ýylda bu gün ýurduň baýdagy, tugrasy we senasy tassyklanypdy, olar ýurduň özygtyýarlylygynyň we garaşsyzlygynyň aýrylmaz aýratynlyklaryna öwrüldiler.

Sport habarlary

9. 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň ikinji tapgyrynyň bäşinji aýlawynda «E» toparçada Özbegistanyň milli ýygyndysyna garşy duşuşyga taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanyň milli ýygyndysy Daşkentde ilkinji türgenleşigini geçirdi. Özbegistan bilen Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň 6-njy iýunda penşenbe güni Bunýodkor stadionynda geçiriljekdigini we Aşgabat wagty bilen 19:30-da başlajakdygyny bellemelidiris.

10. Türkmenistanyň küştçüleri 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatyndaky çykyşlaryna ynamly başladylar. Hindistanyň Gandinagar şäherinde iki gün dowam eden ýaryşdan soň türkmen türgenleri öňdebaryjylaryň hatarynda barýarlar. Zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony we FIDE ussady Merýem Agajanowa, şeýle hem 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda ýurduň çempiony we FIDE ussady Lala Şöhradowa hindi garşydaşlaryndan üstün çykyp, hersi iki utuk toplady. Oglanlaryň arasynda 20 ýaşa çenli Türkmenistanyň wise-çempiony Ahmet Gubataýew tapawutlandy. Birinji tapgyrda ol ermenistanly halkara grossmeýsteri Emin Ogonýan bilen deňme-deň oýnady, ikinji tapgyrda bolsa başga bir ermeni grossmeýsteri Mamikon Garibýany ýeňdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň