Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

11:5803.06.2024
0
12065

Şu gün, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli, Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Welosipedli ýörişe badalga berilýän ýere --- Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda gurlan «Welosiped» binasynyň ýanyna ir säher bilen Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, talyplar, dürli pudaklaryň işgärleri ýygnandylar. Çärä daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Bu ýerde, ilki bilen, ýurduň sungat ussatlary baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Döwlet Baştutany welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi.

Welosipedli ýöriş Aşgabadyň Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry boýunça dowam etdi hem-de ýurduň paýtagtynyň merkezi künjeginde, Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde ýörite Kararnama kabul edilip, 3-nji iýun «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edildi. Şeýle-de türkmen döwletiniň başlangyjy esasynda, 2022-nji ýylyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň